Polşaly tennisçi Swýontek yzly-yzyna üçünji ýaryşy utdy

Polşaly tennisçi Swýontek yzly-yzyna üçünji ýaryşy utdy

Polşanyň wekili Iga Swýontek Maýamide Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) turniriniň finalynda ýaponiýaly Naomi Osakadan üstün çykdy.

Duşuşyk 6:4, 6:0 hasap bilen turnirde saýlantgy topardaky ikinji belgili Swýontegiň peýdasyna tamamlandy.Polşaly tennisçi yzly-yzyna 17-nji oýny utdy we üçünji turnirde yzly-yzyna titul gazandy.

Owal Swýontek Dohadaky we Indian-Uellsdäki ýaryşlarda ýeňiş gazanypdy.Swýontek 20 ýaşynda, onuň WTA-nyň penakärliginde gazanan alty tituly bar, ol 2020-nji ýylda geçen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi. 4-nji aprelde Swýontek dünýäniň birinji raketkasy bolar, sebäbi 23-nji martda dünýä reýtinginiň häzirki lideri we 2021-nji ýylda Maýamide geçen turniriň çempiony awstraliýaly Eşli Barti karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Osaka 24 ýaşynda, ol öň dünýäniň birinji raketkasy bolupdy.Häzirki wagtda ýapon gyzy WTA-nyň reýtinginde 77-nji setiri eýeleýär.Osakanyň hasabynda guramanyň penakärliginde gazanan ýedi tituly bar, ol Uly tuwalganyň dört turniriniň çempiony hasaplanýar.

Maýamidäki turnir WTA 1 000 kategoriýasyna degişli, onuň baýrak gaznasy 8,3 mln dollardan ybarat.

Ýene degişli makalalar

Dubaý we Abu-Dabi gurply dünýä şäherleriniň arasynda
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Elektron hasabat atly sanly hyzmatyny işe girizdi we beýleki habarlar
“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby
Messiniň täze klubundaky ilkinji ajaýyp goly
“Barselonalylar” Maýamide jemlenýär