Messiniň täze klubundaky ilkinji ajaýyp goly

Dünýä Kubogynyň eýesi, argentinaly super ýyldyz Lionel Messi täze kluby “Inter Maýamidäki” ilkinji goluny geçirdi. 36 ýaşyndaky oýunçy toparynyň “Leagues Cup” (ABŞ-nyň hem-de Meksikanyň klublarynyň özara bäsleşigi) ýaryşynyň çäginde geçirilen “Krus Asul” duşuşygynda soňky minutlarda ajaýyp goly öz adyna ýazdyrdy. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Inter Maýami” toparynyň gollaryny 44-nji minutda Teýlor hem-de 90+4-nji minutda jerime urgusyndan Lionel Messi derwezä girizdi.

Lionel Messi bilen Serhio Buskets oýnuň 54-nji minutynda meýdança girip, täze klublaryndaky ilkinji resmi duşuşygyny oýnadylar.

Ýene degişli makalalar

Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar
Serhio Buskets Inter Maýamide Messiniň topardaşy boldy
Messi Maýamide
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Möwsümi super jemledi
Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy