Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy

Argentinaly Lionel Messi täze kluby “Inter Maýami” bilen entek köp wagt geçmänkä ilkinji kubogyny asmana göterdi. 36 ýaşyndaky oýunçy karýerasyndaky 44-nji kubogyny gazandy.

“Inter Maýami” topary KONKAKAF Liga Kubogynyň finalynda “Neşwill” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtyndan ýeňiş gazanan bolmady.Duşuşygyň esasy wagty 1-1 deňlikde gutaryp, maýamilileriň golyny 23-nji minutda Lionel Messi, ýer eýesi hökmünde çykyş eden neşwillileriň golyny-da 57-nji minuutda Fafa Piko öz adyna ýazdyrdy.

Oýundan soň goşmaça wagt oýnalmazdan toparlar penalti urgusyny ýerine ýetirdiler.Toparlaryň hersinden 10 oýuny penalti urup, “Inter Maýamide” 1, “Neşwillde” 2 futbol takyk urup bilmedi. 10-9 hasabynda öňe çykan “Inter Maýami” topary ilkinji kubogy gazandy.

Bu kubok Messiniň täze klubundaky ilkinji, karýerasyndaky 44-nji kubogydyr. Ýyldyz oýunçy häzirki wagtda iň köp kubok gazanan futbolçylaryň sanawynda 1-nji orny eýeleýär.

Messi KONKAKAF Liga Kubogy ýaryşynda 7 oýunda 10 gol geçirip, bäsleşigiň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Galyberse-de, ol ýaryşyň iň ökde oýunçysy baýragyna-da mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Messiniň ady ýazylgy köýnekçeli janköýerler stadiona alynmaz
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Dünýäde iň uly gezelenç gämisi ilkinji ýüzüşe ugrady
Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar