“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby

Geçen hepdäniň içinde täze topary “Inter Maýamidäki” ilkinji goly bilen toparyna ýeňiş getiren Lionel Messi gol geçirmegini dowam edýär.KONKAKAF Ligalar Kubogy ýaryşynyň çäginde “Atlanta” topary bilen duşuşan “Inter Maýami” 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu olaryň iň uly hasaply ýeňşi bolup, topar öz rekordyny gaýtalady.Maýamililere ýeňiş getiren gollary 8-nji we 22-nji minutlarda Lionel Messi bilen 44-nji we 54-nji minutlarda Robert Teýlor geçirdi.

Duşuşykda 2 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren Messi 78-nji minuta çenli oýnady.

Şunlukda, “Atlanta” topary Lionel Messiniň gol geçiren 100-nji kluby hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Messi “Inter Maýami” toparyna ilkinji kubogyny gazandyrdy
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny kabul edýän şäherler belli boldy
ФИФА опубликовала список городов-хозяев ЧМ-2026
“Gucci” kriptopul tölegini kabul eder
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder