Dünýäniň iň garry jübütleri

Dünýäniň iň garry jübütleri

Dünýäde nikalaşyp, häzirki wagta çenli bile ýaşaýan iň garry jübütler Laýl bilen Eleanor Gittensler hasaplanýar.Bu jübütleriň söýgi hekaýaty 1941-nji ýyldan ABŞ-nyň Klark Atlanta kollejinde okap ýören döwürlerinde başlanýar. Şol ýyllar Laýl uniwersitetiň basketbol toparynda çykyş edýän eken.

Eleanor bolsa söýýän ýigidiniň basketbol oýunlaryna höwes bilen tomaşa edipdir. Ýaş juwanlar 1942-nji ýylda nikalaşýarlar. Şu ýyl toý tutanlaryna 83 ýyl bolan Laýl bilen Eleanor umumy ýaşy 216-dan ýokary bolan dünýäniň iň uzak nikaly jübütleri rekordyny täzelediler.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda durmuş guran jübütler uzak ýyllaryň dowamynda Nýu-Ýorkda ýaşap, üç çagany terbiýeläp ýetişdirdiler.Häzirki wagtda Maýamide ýaşaýan Gittensler uzak ömür sürmegiň we uzak nikaly bolmagyň syryny söýgi hem-de sabyrlylyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Häzirki wagtda Laýl 108, Eleanor bolsa 107 ýaşynda.Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Gittensler biri-birine bolan söýgüsiniň we nikasynyň ömürlikdigini belleýärler.

1 asyrdan soň nikalaşdylar

Bu habary okanyňda, söýginiň ýaş saýlamaýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.Marjorie Fiterman bilen Bernie Littman dünýäniň iň garry nikalaşan jübütleri diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Fiterman 102 we Littman 100 ýaşynda bolup, olar Filadelfiýadaky garrylar öýünde nikalaşdylar. 2024-nji ýylda toý tutan iň garry jübütleriň umumy ýaşy 200-den geçýär.

Olar metbugata beren interwýusynda nikalaşmak we toý tutmak üçin hiç haçan giç däldigini, ýaşlyk ýyllarynda biri-birine duş gelmändiklerine garamazdan, garrylar öýünde

9 ýyllap halaşandan soňra, toý tutandyklaryny belleýärler. Zähmet rugsadyna çykýança Fiterman mugallym, Littman bolsa inženerçilik ugrunda zähmet çekipdir.

Ýene degişli makalalar

Iň garry jübütler Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
“Atlanta” Messiniň gol geçiren 100-nji kluby
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Trampyň musulman häkiminiň ýeňşine reaksiýasy: Nýu-Ýorklular Mamdani sebäpli Florida gaçarlar
Zelenskiý: ABŞ Ukraina-Russiýa urşunyň iýun aýyna çenli tamamlanmagyny isleýär
Türkmen döwletiniň uçary ABŞ-nyň Florida ştatynda köpçüligiň ünsüni çekdi