Tennisiň öňdebaryjylary täzelener

Tennis boýunça möwsümiň 1-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Awstraliýa Açykda” zenanlaryň arasynda amerikaly Sofiýa Kenin bilen ispaniýaly Garbinýe Muguruza finalda duşuşar. 21 ýaşly Kenin ýarym finalda awstraliýaly tennisçi, sanawyň 1-nji belgilisi Eşli Bartini 7:6 we 7:5 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Muguruza bolsa, 4-nji hatardaky Simona Halepi (Rumyniýa) 7:6 we 7:5 hasaplar bilen ýeňip, ilkinji ýola bu ýaryşyň finalyna çykdy.Final duşuşygy şu gün oýnalar.

Erkekleriň arasyndaky finalçylar hem belli bolup, serbiýaly Nowak Jokowiç şweýsariýaly Rojer Federeri 7:6, 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňdi. “Awstraliýa Açykda” 7 gezek çempion bolan Jokowiç 8-nji sapar finala çykdy.

Ol finalda awstriýaly Dominik Tim bilen duşuşar.Awstriýaly tennisçi ýarym finalda germaniýaly Aleksander Zwerewi 3:1 (3:6, 6:4, 7:6, 7:6) hasabynda ýeňmegi başardy.Erkekleriň arasyndaky final oýny ertir oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ýaş tennisçiniň ilkinji “Uly tuwulgasy”
Ilkinji kuboklary
Ilkinji kuboklary
Tokiodan medalsyz gaýtdy
Zwerew Rublewden üstün çykdy
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi