Ýaş tennisçiniň ilkinji “Uly tuwulgasy”

Zenanlaryň arasyndaky finalda amerikaly Sofiýa Kenin bilen ispaniýaly Garbinýe Muguruza duşuşdy. 2 sagat 3 minutda tamamlanan duşuşykda 21 ýaşly Kenin 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.Duşuşygyň 1-nji setinde sanawyň 14-nji belgili tennisçisi Kenin 6:4 asgyn geldi. Ýöne 2-3-nji setlerde 6:2 hasap bilen ýeňiş gazanan Kenin ilkinji gezek “Uly tuwulga” kubogyna mynasyp boldy.

Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 4-nji çempionlygydyr.Sofiýa Kenin bu ýaryşdan soň, WTA-nyň sanawynda 7-nji basgançaga çykdy.

Ýene degişli makalalar

Tennisiň öňdebaryjylary täzelener
Switolinanyň 14-nji Keniniň 5-nji çempionlygy
Kenin ýylyň zenan tennisçisi
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
“Öýde ýeke özi” filminiň ýyldyzy Ketrin O’Hara aradan çykdy
Durzup bolmaýan “Aston Willa”