Nadal rekordy öz adyna geçirdi

Tennis boýunça möwsümiň 2-nji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Fransiýa Açykda” erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal 12-nji, zenanlardan awstraliýaly Eşli Barti 1-nji çempionlygyny gazandy.Umumy pul gaznasy 43 million 661 müň ýewro bolan ýaryşda ýekelikde ýeňiş gazanan tennisçilere aýratynlykda 2,3 million ýewro berildi.Rafael Nadal finalda awstriýaly Dominik Tim bilen duşuşdy. 1-nji setde Nadal 6:3 ýeňiş gazandy. 2-nji setde taý-brekden soň 7:5 öňe saýlanan Tim umumy hasaby deňledi. 3-4-nji setlerde toprak kortuň ägirdi ýene bir ýola özüniň ussatlygyny görkezip, 6:1 hasaplar bilen garşydaşyndan üstün çykdy. Şeýlelikde, 3:1 hasabynda ýeňşini baýram eden Nadal “Rolan Garros” kubogyny bassyr 3-nji, umumylykda-da 12-nji gezek ýokary göterdi.

Iki tennisçi geçen ýylyň finalynda-da duşuşypdy we Nadal 3:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, Rafael Nadal bir “Uly tuwulga” ýaryşynda iň köp çempionlyk gazanan tennisçi diýen adyň ýeke-täk eýesi boldy.

Ol bu ady mundan ozal, “Awstraliýa Açykda” 11 gezek ýeňiş gazanan ýerli zenan tennisçi Margaret Kort bilen paýlaşýardy.Bu ýeňşinden soň, Nadal “Uly tuwulga” kuboklary boýunça 20 çempionlygy bolan Rojer Federere ýene bir ädim golaýlady. 33 ýaşyndaky Nadal “Fransiýa Açykda” 12 (2005, 2006, 2007, 2008, 2010, 2011, 2012, 2013, 2014, 2017, 2018, 2019), “Amerika Açykda” 3 (2010, 2013, 2017) “Wimbledonda” 2 (2008, 2010), “Awstraliýa Açykda-da” 1 (2009) gezek çempion boldy.

Nadal “Rolan Garrosda” ilkinji çempionlygyny 2005-nji ýylda gazanyp, şondan bäri diňe 3 gezek (2009, 2015, 2016) çempion bolup bilmedi. Şol 3 ýylda-da şikesi onuň ýaryşy finaldan öň tamamlamagyna sebäp bolupdy. Şol bir wagtyň özünde-de şol şikesler Rojer Federer bilen Nowak Jokowiç ýaly ägirtlere karýeralarynda 1 gezek “Fransiýa Açykda” ýeňiji bolmak mümkinçiligini döretdi. Ýogsam Nadal şol ýyllarda-da kubogy alan bolsa, onda beýleki 3 “Uly tuwulgalarda” ençeme sapar çempion bolan Federer bilen Jokowiç belki-de “Karýera Uly tuwulga” derejesine ýetip bilmezlerdi.BIRINJI “ULY TUWULGASY”Zenanlaryň arasyndaky finalda awstraliýaly Eşli Barti bilen çehiýaly Marketa Wondrouşowa duşuşdy.

Iki tennisçi-de “Uly tuwulgada” ilkinji gezek finalda çykyş etdi.Has tejribeli bolan Barti 28 minutlap dowam eden 1-nji setde 6:1 hasabynda ýeňiş gazandy. 23 ýaşyndaky Barti 2-nji setde-de artykmaçlyk görkezip, 6:3 hasabynda 19 ýaşly garşydaşyndan üstün çykdy.

Netijede, 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan Barti ilkinji “Uly tuwulga” kubogyny asmana göterdi.Ol soňky 8 ýylda “Uly tuwulgada” ýeňiş gazanan ilkinji awstraliýaly zenan tennisçi boldy.Jübütleýin ýaryşlarda erkekleriň arasynda germaniýaly tennisçiler Kewin Krawietz bilen Andreas Mies ýeňiji boldy.

Olar 1972-nji ýyldan bäri erkekleriň arasynda jübütleýin ýaryşda bir döwletden ýeňiji bolan ilkinji tennisçiler hökmünde taryha girdi.Zenanlaryň arasyndaky jübütleýin bäsleşikde wengriýaly Timea Baboş bilen fransiýaly Kristina Mladenowiç, garyşyk jübütlerde-de Hytaý Taýpeýinden Latişa Çen bilen horwatiýaly Iwan Dodig ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek
Jokowiç 20-nji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy
Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy
Tennis täzelikleri