Jokowiç 20-nji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy

Jokowiç 20-nji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy

Serbiýaly tennisçi - dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç Beýik Britaniýada geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada news.sportbox.ru habar berdi.

Uimbldonda geçirilen jemleýji duşuşykda serbiýaly tennisçi dünýä reýtinginde dokuzynjy orny eýelän italýan türgen Matteo Berrettiniden üstün çykdy.Titullarynyň sany boýunça garşydaşyndan has yza galýan Berrettini ilkinji seti öz peýdasyna tamamlady, ýöne Jokowiç duşuşygyň ugruny üýtgedip, yzly-yzyna üç setde ynam bilen ýeňiş gazandy.

Hasap şeýle boldy: 6:7 (4:7), 6:4, 6:4, 6:3.Duşuşyk jemi 3 sagat 27 minut dowam etdi. Şunlukda, 34 ýaşly Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde bassyr üçünji we karýerasynda 20-nji gezek ýeňiş gazandy.

Umumy ýeňişleriniň sany boýunça ol ispaniýaly Rafael Nadal we şweýsariýaly Rojer Federer bilen deňleşdi.

Şeýle hem okap bilersiňiz: Eşli Barti — Uimbldon-2021-iň ýeňijisi

Ýene degişli makalalar

Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek
Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Nadal rekordy öz adyna geçirdi
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy