Näme üçin Aý tutulanda gyzyl bolýar?

Geçen aýyň 16-syna Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde Aý tutulma hadysasy bolup geçdi.Birnäçe minutlap dowam edýän bu hadysa Aýyň dolulygyna Ýeriň kölegesinde galmagynyň netijesinde bolup geçýär. Şeýle astronomiki hadysalara mahal-mahal dünýäniň dürli ýerlerinden tomaşa edip bolýar.

Adatça, Aý tutulan wagty Ýere golaý we uly bolup görünýän hem bolsa bu gezek reňki gyzyl bolup göründi.Astronomlar Aýyň näme üçin gyzarýandygyny düşündirdiler.

Astronomlaryň aýtmaklaryna görä, Aýyň reňki onuň kölegeli tarapyna düşýän Gün şöhlesi bilen baglanyşykly.Aý tutulan wagty reňkiniň gyzyl bolmagy has seýrek gabat gelýär. Şeýle ýagdaýda Aý Ýere ýakyn we uly bolup görünýär.

Bu gezekki hadysada Aý tutulmasy hadysasy Günbatar ýarym şarda has aýdyň göründi.Aý tutulyp başlandan 90 minutdan soň Gün şöhlesi Ýeriň atmosferasyndan geçip, Aýyň ýüzüne düşdi.Bu bolsa, Aýyň gyzyl reňkli bolup görünmegine sebäp bolýar.

Aý gyzyl bolup tutulanda ony hiç hili guralsyz görüp bolýar. Şeýle hem diňe dolan Aý wagtynda, ýagny Aý senenamasyna görä aýyň 14-ine şeýle ýagdaýda tutulýar.Bu döwürde Günüň dogýan we ýaşýan wagty Ýeriň atmosferasyndan geçen Gün şöhlesi Aýyň ýüzüne düşýär. Ýagny bu hadysany diňe Günüň dogýan we ýaşýan wagty görüp bolýar.

Aýyň bölekleýin tutulmagynda, onuň reňki adatdaky ýaly ak ýa-da çalymtyl bolup görünýär. Onuň ýüzüniň bir bölegine düşýän Ýeriň kölegesi bir tarapyny gädik ýaly edip görkezýär. Bu ýagdaýy has aýdyň görmek üçin haýsydyr bir ýakynlaşdyryjy enjamdan peýdalanmaly.

Aý Ýeriň daşyndaky bir aýlawyny birinji hasaba görä, 27 günde, beýleki hasaba görä, 29,5 günde tamamlaýar. Iki aýlawyň tapawutly bolmagynyň sebäbi Aýyň Ýeriň we Günüň Aýyň orbitasyndaky ýerleşişiniň tapawutly bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

Maryda we Lebapda nagt gytçylygy gaýtadan güýçlenýär
Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Aýa kiçijik lunohod ugratmakçy
Alymlar haýwanlaryň ýok bolup barýan görnüşlerini Aýa ibermegi teklip etdiler
Uçurylyş yza süýşürildi
Mask Marsa astronawtlary ibermäge çagyrdy
Olimpiýa oýunlary başlaýar: petek satyşyndan rekord goýuldy