Amerikan alymlary Gün ulgamynyň çäklerinde ýerleşýän ekzoplanetanyň hemrasyny ekzo Aýy ýüze çykarandyklaryny mälim edýärler. “Kepler-1625b” atly egzoplaneta Ýupiteriň ölçegine deň bolup, “Cygnus” ýyldyzlar toplumynda 8 müň ýagtylyk ýyly aralykda ýerleşýär.
NASA-nyň maglumatlaryna görä, ululygy Neptun planetasyna deň bolan hemra, 3 million kilometr aralykdan öz ekzoplanetasynyň daşyndaky okundan aýlanyp, Ýer bilen Aýyň aralygyndan 8 esse daşdyr.Barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, haçan-da, “Kepler-1625b” öz ýyldyzynyň öňünden geçen wagty ekzoplanetanyň hemrasynyň bardygy belli bolupdyr.
Bu maglumatlar “Kepler” we “Habble” teleskoplarynyň ýardamy bilen alyndy.
