Natalýa Kalugina: ýüregim daglar diýip atygsaýar...

Natalýa Kaluginanyň manzarlary aşgabatly žiwopis muşdaklaryna iki sebäpden belli: birinjisi, olar şeýle bir üýtgeşik welin, şol manzarlar beýleki nakgaşlaryň hiçisiniňkä meňzemeýär, ikinjisi, olar köpçülikleýin sergileriň ählisinde görkezilýär.Natalýa Kaluginany şäherde eli molbertli görmersiň, onuň şäher manzarlary azdyr. Ýüregim daglar diýip atysaýar..

diýip ol dogrusyny aýdýar, onsoň bir özi ýa-da garyndaşy höwesjeň nakgaş Ýustina Nikolaýewna Kurilo bilen surat çekmäge şäheriň daşyna çykar.

Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory Natalýa Pawlowna Kaluginanyň çeperçilik bilimi onlaýn görnüşde alandygyny ýatladýarys.Indi ol Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşmesiniň agzasy, onuň suratlary ýurdumyzyň muzeýlerinde, şeýle hem Türkmenistanda we daşary ýurtlarda şahsy kolleksiýalarda bar.

Ol žiwopisden başga-da, bižuteriýa döretmekligi hem halaýar, özi-de onuň bezegleri hökmany suratda milli-taryhy äheňli bolup, kompozisiýalarda gadymy rowaýatlary, halk hatyrasynda ýitmejek yz galdyran melikeleriň we owadan zenanlaryň atlaryny janlandyrýar.

-Men syýahat etmegi gaty gowy görýärin diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär. Dogrudanam bu şeýle. Ol ýaşyna garamazdan şäher amatylyklaryny taşlap, islendik howada Watanymyzyň gözel tebigat görnüşleriniň birine aşyk bolmak, etýudnigini açyp, kendir ýüzünde göwün beren gözelligini şekillendirmek üçin Tebigat bilen duşuşyga gidýär.

Bir gezek Natalýa Pawlownanyň gözi Änewiň golaýyndaky sazaklykdaky şadyýan nahallara düşdi. Günorta çagydy, ýaşajyk daragtlar şahawatly türkmen güneşiniň nurundan ganýana meňzeýärdi. Ýeňiljek şemala ygşyldaşýan baldajyklar aladasyzja gürrüňe gyzana çalym edýärdi.

Men etýudnigimi açanymdan näzijek nahallar Güneş nurunyň mähri bilen atly manzara düşdiler- diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär.

Kyrkgyz jülgesindäki daragt manzaryny ol Arçmanyň golaýyndaky duşmana ýal bolmajak bolup özüni gorpa atan 40 gyz baglanşykly ýerde çekilipdi. Bu ýerde gaýalarda haýran galaýmaly şertlerde ýalňyz agaç gögerip otyr.

Onuň beýleki bir Aşgabadyň etegindäki agşam atly suratynda asman, dag we çölüň bir bölegi sazlaşykly gülgünräk öwüşgünli: mis, çal, altynsow, kümüşsow we ýene-de mis reňklerde berlipdir.

Belli manzarlarynyň birini çekende geň ýagdaý bolupdyr.

-Bir gezek biz Ýustina Nikolaýewna bilen Çendire gitdik diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär.Gyzyl ymam aramgähine golaý baranymyzda iň beýik gümmezde bize syn edip oturan üýtgeşik çypar bürgüde gabat geldik.

Ikinji gezek biz oňa gonamçylykdan çykyp gelýärkäk duşduk.Onuň hormat bilen garaýşy bize geçitden sag-aman aşmagy arzuw edýäne meňzeýärdi.Geçit indi gowy, ol döwür çylşyrymlydy. Ýerli ilat üçin ondan aşmak ýeňil bolsa-da, biz ýaly şaherliler üçin ondan aşaýmak, onda-da ümürde geçäýmek gaty çetindi.

Tizara biz hatara duran dört sany tut agajyna gabat geldik. Agaçlaryň arasynda tut iň gelşiksizi, aýratyanam obalylar ony pile gurçuk bakmak üçin gyrkanlarynda. Hüžžük agaçlara gözüm düşenden gulagymda Edward Grigiň Trollaryň ýörüşi sazy ýaňlandy. Şeýlelik bilenem Trollaryň ýörüşi ýa-da Çendiriň tutlary atly suratyň eskizi peýda boldy.

Haýran galaýmaly, ýöne gaýdyşynam biz köne tanşymyza çypar bürgüde gabat geldik. Bu gezek onuň ýanynda alahekge bar eken, ol günüň dowamynda bolan wakalary gyzygyp gürrüň berýärdi, onuň baş gahrymanynyň biz bolaýmagam gaty ahmaldy.

Kerwen ýolunda suratynynam döreýşiniň üzýtgeşik taryhy bar.

-Bir gezek Çilmämmetgumda kerwen ýolundan maşynly geçmek miýesser etdi.Aňryk-bärik üç jipli gitdik, sebäbi ol ýerlere ýeke çykylmaýar. Çöle özüne sylagy talap edýär, ýol ugrundaky sazak şahalaryna daňylan mata bölejikleri-de howp-hatardan habar berýär.

Owadan, aýratynam ýaz aýlary güneşli we ýeňiljek şemally howa döwri, çöl öte ajap, ýöne ol gözellik juda ally.Bu ýerlere ýeke çykmak hasam howply.Sebäbi bilip bolmaz, birden radiatoryň gaýnamagy, motoryň öçmegi ýa-da guma batmagyň mümkin onsoň gum ýene bir pidasyny alar.

Çöl gyşy manzarynyň döremegine bir gezek biziň yssy ülkämizde seýrek duşýan garly howa sebäp boldy. Aşgabatlylaryň ýyljak öýünden çykman oturmagy halaýan şol güni iki zenan Natalýa Kalugina bilen Ýustina Kurilo eli etýutnikli ulagly Änewiň aňyrsyndaky guma çydylar. Gar basan guw depeleri çekilmedik wagty öýde oturyp bolarmy!

-Howanyň ýüzi çytykdy diýip Natalýa Pawlowna gürrüň berýär.- Ygaldan we aýazdan ýaňa sazaklarda doňan buz şelpeleri döräpdir. Töwerege has gowy syn etmek üçin iň beýik depä çykyp, etýudnigi zordan açdym. Içiňden geçip barýan şemal çagyrylmadyk myhmany kowýana meňzeýärdi. Ýoldaşym meniň üstüme ýaglyk atdy-da, özem ulagda gizlendi.

Barmaklarym sowukdan doňmaz ýaly çalt işlemelidi netijede suratda iki tarapynda gar bürenen ýitip giden ýoluň gyrasyndaky ýalňyz agyl peýda boldy.

Öýe gelen dessime ilki bilen henizem gar şelpeli etýudnigimden suraty alyp, ony ýere ýazyp goýdum, çünki ozal bir suratym ýagyşa ezilip zaýalanypdy. Onsoň şeýle kyn düşen suratynmy zýalap biljek däldim.

-Men mydama syýahatdan lezzet alýaryn diýip nakgaş gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Natalýa Kalugina: ýüregim daglar diýip atygsaýar...
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Aşgabadyň depginli ösüşiniň suratlardaky beýany
Býeik Ýüpek ýoluna bagyşlanan işleriň bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Happy Childhood