Aşgabadyň depginli ösüşiniň suratlardaky beýany

Şekillendiriş sungaty müzeýiniň tematiki sergisi türkmen nakgaşlarynyň gözel binagärlik toplumlary, owadan dizaýny, oňaýly seýilgäh zolakalry we gülzarlyga beslenen meýdançalary, özboluşly üýtgeşik çüwdürimler toplymlary we myhmansöýerligi bilen haýran edýän ak mermerli Aşgabada bagyşlanan eserleri bilen tanyşdyrýar.

Sergide garaşylşy ýaly, esasan soňky ýyllarda düýpli özgeren paýtagtymyzyň şahyrana gözelligini wasp edýän şäher manzarlary görkezilýär. Olardan nakgaşlar topary—P. Garryýewiň, D. Jumanyýzowyň, A. Kulyýewiň, O. Lallykowyň çeken “Gözel şäherim Aşgabat” suratlar tapgyryndan plakat žanryndan iki işini bellese bolar. Bu eserler paýtagtymyzyň binagärlik we monumental simwollarynyň kaşaňlygyny beýan edýärler.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz we daşary ýurtly myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine syn edip, megapolisiň sazlaşykly keşbinde öz beýanyny tapan uly möçberli özgertmelere guwanmak üçin şäherimize gelýärler. Nakgaş A. Kiçigulowyň “Oglunyňkyda myhmançylykda” atly suraty-da şu barada, onda görýän zatlarynyň täsirinden çykybilmän oturan garry ene şekillendirilen. Ol açyk penjirä bakyp otyr, ondan döwrebap ýaşaýyş jaýlary görünýär...

Nakgaş S. Hojagulyýew “Aşgabadyň ýalkymy” suratynda gijeki şäheriň kaşaň köçe çyralaryny, jaýlarynyň çyraly bezegini, her hili bezemen çyralaryny beýan edipdir.

T. Gylyçdurdyýewanyň “Aşgabat” suratynda ak mermerli belent binalardyr olara görk berýän gök baglar şekillendirilen. Ak we gök reňkleriň garşylygynda çekilen suratdan terlik we arassalyk ysy gelip dur.

Nakgaş O. Mämmetgylyjowa ýoly ikä bölýän meýdançadaky elwan gülleri, pyýadalar üçin goýlan ýerden geçip barýan ýany çasgaly enäniň suratyny, ýokary amatlykly belent ýaşaýyş jaýlaryny çekipdir.

S. Babikowyň “Güýzki Aşgabat” atly işinde geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň käýerlerde suwagy gaçan ýürege ýakymly sarymtyl iki gat jaýlary gazondaky agaçlaryň sarymtyl-gyzyl depeleri bilen gelşikli utgaşyp, ýaşuly nesilde geçmişe ýakymly küýseg döredýär.

Natalýa Kaluginanyň “Şäher manzary” suraty-da Stanislaw Babikowyň eserine kybapdaş, onuň ýordumynda paýtagtyň geçmişi we geljegi sazlaşykly birleşipdir- üçegi gyzyl daş örtükli ozalky pessejik jaýlaryň gapdalynda ýokary amatlykly kaşaň jaýlar şekillendirilipdir. Onuň dürli reňkler bilen sazlaşykly beýan edilişi manzara şahyrana äheň berýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda "Gahrymançylyk unudylmazdyr" atly ýatlama agşamy geçirildi
Dört nakgaşyň döredijiligi: gören onuň haýrany!
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde gurnalan medeni çäreleriniň sergisi
Nowruz geldi, bu bagtyýar ilime atly baýramçylyk sergisi
“Diýarym asudaýurdum parahat” atly sergi
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2022-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi