NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

NATO-nyň Metbugat sekretary Farah Dahlallah X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda; “Alýansyň Eýranyň öňňin gije dartgynlygy artdyrmagyny ýazgarandygyny we parasatlylyk üçin çagyryş edendigini” nygtady.

NATO-nyň wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny mälim eden Dahlallah “Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň gözegçilikde bolmagy möhüm” diýdi.

Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky konsullygyna 1-nji aprelde howa hüjümini gurapdy. Hüjümde Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyndan 2 sanysy general 7 adam ölüpdi.

Eýran Ysraýylyň konsullyga guran hüjüminiň ýurduna guralandygy manysyny aňladýandygyny we gaýtawul görkezjekdiklerini beýan edipdi.

Ysraýyl bolsa Eýranyn hüjümlerine garşylyk görkezjekdigini habar beripdi.

Eýran öňňin gije Ysraýyla ýüzlerçe kamikadze dron, ballistiki we ganatly raketalar bilen hüjüm başladyp, käbir harby desgalaryň urlandygyny beýan edipdi.

Ysraýyl bolsa hüjümleriň esasy böleginiň howa goranyş ulgamlary tarapyndan öňüniň alynandygyny, emma günortadaky harby baza raketanyň düşendigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Makron Ukraina Goşun Ugradylyp Bilinjekdigini Beýan Etdi
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy
Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy