NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, gurama agza ýurtlaryň goranyş senagaty boýunça Türkiýeden has köp zat öwrenip biljekdigini nygtady.

Rutte Türkiýäniň “Goranyş senagaty ynkylabyny” başdan geçirendigini belledi.

Türkiýäniň goranyş senagaty pudagynyň öňdebaryjy firmalaryndan biri bolan Aselsana baryp gören Rutte, pudagyň soňky ýyllarda gazanan üstünligine ünsi çekdi we Türkiýäniň tejribelerinden peýdalanyp biljekdiklerini nygtady.

Mark Rutte iýul aýynda paýtagt Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda Türkiýä geldi.

NATO-nyň Baş sekretary saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşar.

Prezident Erdogan bilen NATO-nyň Baş sekretary Rutte üstümizdäki aýyň başynda geçiren telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşypdy.

Prezident Erdogan ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy alyp barýan bilelikdäki söweşinden soň sebitde dartgynlygyň möwjeýändigi barada duýduryş beripdi we halkara jemgyýetçiligine söweşiň bes edilmegi üçin tagalla etmekleri barada çagyryş edipdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde NATO-nyň Türkiýäniň howadan goralmagyna uly goldaw berýändigine ünsi çekdi.

NATO 28-nji fewraldan bäri ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümleriniň çäginde türk howa giňişligine atylan raketalary täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Rutteni kabul etdi
NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Ankara Sammitinden öň türk goranmak senagaty hakda öwgüli sözler aýtdy
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
NATO: Arktikanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýaranlar bilelikde işleşerler