Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha, NATO-dan ýurdunyň energetika desgalaryny we infstrukturasyny goramak üçin gyssagly 19 sany howa goranyş ulgamyny isledi.

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha, Belgiýanyň paýtagty Brýuselde geçirilýän NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

NATO-nyň Ukraina goldaw berýändigini aýdan Rutte, “Hyzmatdaşlarymyzyň size goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýdi.

Rutte, Ukraina howa goranyş ulgamlarynyň başda durmagynda has köp harby kömegiň berilmelidigini belledi.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sybiha bolsa “Ýurdunyň gelejegi üçin bizi güýçlendirjek, mümkinçiliklerimizi artdyrjak kararlar kabul edilmeli” diýdi.

Russiýanyň ýurtdaky energetika çeşmelerini “ýaraga öwürendigini” aýdan Sybiha, ýurdunyň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän desgalaryny we infstrukturasyny goramak üçin gyssagly 19 sany howa goranyş ulgamynyň berilmegini isledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde dünýä ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşar
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar
NATO-nyň Baş Sekretary Rutte Ankara Sammitinden öň türk goranmak senagaty hakda öwgüli sözler aýtdy
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Rutteni kabul etdi
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar
Gollandiýanyň Premýer-ministri Gazagystanda Saparda Bolýar