Nawalnyýnyň jigisi, aklawçysy we şahsy lukmany göz tussaglygyna alyndy

Nawalnyýnyň jigisi, aklawçysy we şahsy lukmany göz tussaglygyna alyndy

Russiýanyň Adalat ministrliginiň daşary ýurt içalysy hökmünde sanawa alan Galplyga garşy göreş gaznasynyň müdüri Iwan Ždanow, Twitterden beren beýanatynda, polisiýa işgärleriniň tussaglykda bolan Alekseý Nawalnyýnyň jigisi Oleg Nawalnyýny, aklawçysy Lýubow Soboly we Lukmanlar Bileleşigi kärdeşler arkalaşygynyň dolandyryjysy Anastasiýa Wasilýewany 48 sagatlygyna göz tussaglygyna alandygyny habar berdi.

Russiýanyň polisiýa işgärleri Nawalnyýnyň Moskwadaky öýlerinde we döreden Galplyga garşy göreş gaznalarynyň ofislerinde sanitariýa we epidemiologiki düzgünleri berjaý etmänligi bahanasy bilen barlag geçirdiler.

Russiýada tussaglykda bolan rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň azat edilmegi üçin on müňlerçe adamyň gatnaşmagynda 23-nji ýanwarda demonstrasiýa geçirilipdi.

Ýurdyň çar tarapynda geçirilen demonstrasiýalarda 3 müňden gowrak adam göz tussaglygyna alynandygy habar berilipdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Alekseý Nawalna goldaw maksatly geçirilen demonstrasiýalaryň bikanundygyny we kabul edilmejekdigini beýan edipdi.

Alekseý Nawalnyý 31-nji ýanwarda demonstrasiýalaryň ýaňadandan geçiriljekdigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

TMK-nyň Uly zalynda Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Uýalar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Uýalar atly täze oýun sahnalaşdyryldy
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 40 ýyllygy mynasybetli makalalar ýygyndysy çap ediler
Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň myhmany