Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Türkmenistan derbisinde Köpetdag Deňizçiden üstün çykdy

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Türkmenistan derbisinde Köpetdag Deňizçiden üstün çykdy

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň birinji aýlawynyň esasy duşuşygy 2-nji tapgyrda geçirildi. Onda çempionlygyň esasy dalaşgärleri Deňizçi bilen Köpetdag özara güýç synanyşdylar.

Geçen möwsümi çempionlyk bilen tamamlan Deňizçi duşuşykda güýçli garşydaşyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, iki duşuşykda 6 utuk ýygnan Köpetdag esasy bäsdeşinden 3 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldy.

Megerem, aýlawdaky iň kyn duşuşygyny geçiren Köpetdag 3-nji tapgyrda (16-njy mart) Turan bilen duşuşar. Deňizçä bolsa ýene bir kyn synag garaşýar. Türkmenbaşy şäherine wekilçilik edýän toparyň ertirki garşydaşy ýaryşyň öňdebaryjysy Senagatbank bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Köpetdag Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji tapgyrynda utuk ýitirdi
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda Senagatbank öňde barýar
7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy