Köpetdag Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji tapgyrynda utuk ýitirdi

Köpetdag Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji tapgyrynda utuk ýitirdi

5-nji maýda duşuşyklaryň ikisi bilen Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tapgyryň birinji duşuşygynda Köpetdag Türkmenbaşy şäheriniň TNGIZT topary bilen deňme-deň oýnady (3:3). Oýun gününiň ikinji duşuşygynda Mergen Ataýewiň türgenleşdirýän Senagatbank topary Migrasiýadan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Bu tapgyryň ýene-de bir duşuşygy Deňizçi bilen Turan toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 7-nji maýda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary Aşgabat şäherinde geçirilýär.

Türkmenistanyň futzal çempionatynyň toparlaryň 6-synyň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.

Birinji tapgyryň duşuşyklary:

Köpetdag TNGIZT 3:3

Gollar: 7 Allaberdi Meredow, 17 Sähetmyrat Atdaýew, 36 Kerwen Annaorazow 11, 25 Maksat Amanow, 32 Mekan Şamyradow.

Migrasiýa Senagatbank 1:2

Gollar: 36 Abdylla Gurbannepesow 18 Resul Heşdekow, 22 Nepesgeldi Ataýew.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Naýbaşy futzal ligasy: Deňizçi birinji orna geçdi