Naýbaşy futzal ligasy: Deňizçi birinji orna geçdi

Naýbaşy futzal ligasy: Deňizçi birinji orna geçdi

10-njy noýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, tapgyryň esasy duşuşygynda turnir tablisasynyň öňbaşçylary Köpetdag bilen Deňizçi toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümleriň astynda geçen duşuşykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan Deňizçi topary utuklaryyň sanyny 40-a ýetirip, turnir tablisasynyň birinji basgançagyna geçmegi başardy. Köpetdag bolsa 38 utuk bilen ikinji orna düşdi.

16-njy tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Migrasiýa Senagatbank toparyny ýeňlişe sezewar eden bolsa (2:1), Turan bilen TNGIZT toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji noýabrda geçiriler.

16-njy tapgyryň netijeleri:

Ýene degişli makalalar

7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Köpetdag Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji tapgyrynda utuk ýitirdi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi