Nazarbaýewiň ýegeni Milli howpsuzlyk komitetindäki wezipesinden çetleşdirildi

Nazarbaýewiň ýegeni Milli howpsuzlyk komitetindäki wezipesinden çetleşdirildi

Gazagystanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Kasym Žomart Tokaýewiň kararyna laýyklykda Samat Abişiň ýurdyň Milli howpsuzlyk komitetiniň Başlygynyň 1-nji orunbasary wezipesinden çetleşdirilendigi habar berildi.

Ozal bolsa Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Karim Masimowyň we orunbasarlarynyň watana dönüklik etmek aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynandyklary, emma Samat Abişiň wezipesini dowam etdirýändigi beýan edilipdi.

Nursoltan Nazarbaýewiň giýewisi Timur Kulibaýewiň hem Milli Telekeçiler palatasy Atamekeniň başlygy wezipesinden çetleşdirilendigi aýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda Başdan Geçirlen Wakalarda 149 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen aktiwistleri Ukrainadaky ildeşleriniň 'iki oduň arasynda', goragsyz galandygyny aýdýarlar
Eýranda Ýasama Içgi Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
“Ýolkalar 6” filmi Bekmambetowsyz surata düşüriler
Stol tennisi boýunça Balkan welaýatynyň çempionaty geçirildi