Saud Arabystany 2027-nji ýylyň başyna çenli nebit önümçiligini günde 13 millon barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle bildirişi ýurduň Energetika ministri Abdel Aziz ben Salman Al Saud Bahreýnde geçirilen energetika konferensiýasynda aýtdy.
“Patyşalyk 2026-njy ýylyň ahyryna ýa-da 2027-nji ýylyň başyna çenli nebit önümçiligini kem-kemden günde 1 millon barrel ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şeýlelik bilen, biz umuman alanyňda, günde 13 million barrelden gowrak nebit gazyp almagy meýilleşdirýäris” diýip, Al Arabiya teleýaýlymy ministriň sözlerini getirýär.
Al Saud “nebit gözlemek we gazyp almak pudagynda maýa goýumlaryň diňe şu maksada ýetmek üçin gönükdiriljekdigini” belledi.Ol “ýurduň içinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagynyň nebit eksportyna has köp üns bermäge we beýleki ýurtlara iberilýän çig maly köpeltmäge mümkinçilik berjekdigini” sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, ministr “energetika pudagynda önümçilik kuwwatynyň gowşamagynyň halkara jemgyýeti tarapyndan üns berilmeli global meseledigini” belledi.
Halkara Energetika Agentliginiň maý aýyndaky hasabatyna görä, Saud Arabystany beýleki OPEK+ ýurtlaryna garanyňda, aprel aýyndaky önümçiligini ep-esli artdyryp bildi.
