Prezident R. T. Erdogan, ýurduň içinde nebit önümçiligini täze ýyldan başlap günlük 100 müň barrele ýetirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan, Stambulda Türkiýe Innowasiýa hepdeliginiň çäginde geçirlen Innowalig çempionlarynyň baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.
Prezident Erdogan “20 ýyl ozal goranyş senagaty pudagynda iş alyp barýan 56 firma bar bolsa şu günkü günde şol pudakda 1600-den gowrak firma iş alyp barýar. 20 ýyl ozal 248 million dollara barabar bolan goranyş senagatynyň eksportynyň üstümizdäki ýyl 4 milliard dollardan geçmegine garaşýarys” diýdi.
Türkiýäniň NATO-agza ýurtlara döwrebap tehnalogiýa enjamlaryny satýan ýurda öwrülendigine ünsi çeken Erdogan, goranyş taslamalarynyň bujetini 5,5 milliard dollardan 75 milliard dollara çykarandyklaryny belledi.
Erdogan, ýurduň içinde nebit önümçiligini täze ýyldan başlap günlük 100 müň barrele ýetirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Prezident Erdogan, birnäçe aýdyň dowamynda Türkiýäniň we türk senagatynyň buýsanjy bolan elektrik togy bilen işleýän ýerli awtoulagy TOGG-y ýollarda görmäge başlajakdyklaryny ýatlatdy.
Erdogan, “Türkiýe dünýäniň ykdysady taýdan ösen ilkinji 10 ýurdundan biri bolýança egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris” diýdi.
