Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Ýene-de sanlyja günden paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň energiýa serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek, olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň has-da ilerlemeginde ähmiýeti uludyr.

Bu möhüm çärä daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle forumlaryň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar.

Biziň ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär.Mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Soňky ýyllarda döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod we beýleki kärhanalar guruldy.Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagy hem üpjün edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.Bu energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar.

Şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda birnäçe möhüm duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.Gepleşikleriň ýene-de bir meselesi ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, özara gatnaşyklaryň uly tejribesine eýe bolan gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly boldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, Wintershall we RWE kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady.

Duşuşykda Türkmenistanda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod öndürmek babatda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen GFR-iň Milli wodorod strategiýasyny hasaba almak bilen, özara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Nebitgaz ulgamy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem esasy ulgamlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda TürkmenistanHytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen mawy ýangyjynyň uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ýurdumyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine saldamly goşant goşýan nebitgaz ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmäge uly üns berýän, halk bähbitli, halkara ähmiýetli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Tagandurdy BERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan german kompaniýalaryny Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmäge çagyrdy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
12.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy