Türkmenistan german kompaniýalaryny Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmäge çagyrdy

Türkmenistan german kompaniýalaryny Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmäge çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen anna güni geçiren duşuşygynda german kompaniýalaryny Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda energiýa pudagy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin geljegi uly ugur hökmünde kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Taraplar energiýa pudagynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine garadylar. Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi german kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge gatnaşmaklaryna, şol sanda Germaniýadan maýa goýum we tehnologik tejribäni çekmek, tehniki-ykdysady esaslandyrmany geçirmek, hyzmatlary amala aşyrmak, enjamlary getirmek we bu ulgamda täze desgalary gurmak arkaly gatnaşmaklaryna degişlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpak suwly ýerlerini özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri, şol sanda Germaniýa bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols çakylygy hoşallyk bilen kabul etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda geçirilen duşuşyga we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşdy hem-de Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar
12.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY