Nebitiň bahalandyrmagynyň pese gaçmagy şu sişenbede Halkara Pul Gaznasynyň dünýäniň JIÖ-niň (Jemi içerki önüminiň) ösüşi barada çaklamany ýaramaz diýip yglan etmegi bilen baglylykda çaltlandy diýip, INTERFAX.RU habar berýär.
Netijede, Moskwa wagty bilen düýn sagat 18:33-de Brent görnüşli “gara altynyň” iýun aýy fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda bir barrel üçin 5,92 ABŞ dollary (5,23 göterim), ýagny 107,24 ABŞ dollaryna çenli arzanlady.
Nýu-Ýorkuň Haryt biržasynda (NYMEX) bolsa şol wagta çenli WTI görnüşli nebitiň nyrhy maý aýy üçin fýuçersler babatda 5,84 ABŞ dollary (5,5 göterim) möçberde arzanlap, bir barreli 102,37 ABŞ dollaryna deň boldy.
HPG öň dünýä ykdysadyýetiniň şu ýylda ösüşiniň ýanwar aýynda 4,4 göterim çaklamasynyň ornuna 3,6 göterim ýaramazlaşjakdygy barada çaklamany öňe sürüpdi. Geljek ýyl bu görkeziji 3,8 göterim çaklananyndan 3,6 göterime çenli ýaramazlaşar diýip, Halkara Pul Gaznasy habar berýär.
