Nebitiň çykarylmagy üçin halka sala salyndy

20-nji awgustda Ekwadorda prezident saýlawlary geçirildi.Bu saýlaw bilen bir wagtda saýlawçylara iki meselede sala salyndy Ýasuni milli seýilgähinde nebitiň çykarylyşynyň bes edilmegi hem-de Çoko-Magdanela diýen ýerden metalyň gazylyp alynmagy.

Prezident saýlawynda “Raýat ynkylaby” bileleşiginiň ýolbaşçysy Luisa Gonzales 40 %, telekeçi we parlamentiň öňki deputaty Daniel Noboa 22 %- göterim ses aldy. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, bu iki dalaşgär 15-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda öz aralarynda bäsleşerler.

Referendumda bolsa saýlawçylar Amazon tokaýlarynyň çägindäki milli seýilgähden nebitiň çykarylmagyna hem-de magdanyň çykarylmagyna garşy ses berdiler. Şeýlelikde, geljek aýlarda “Petroecuador” kompaniýasy Ýasuni milli seýilgähinde alyp barýan nebit gözlemek we çykarmak bilen bagly işlerini bes eder.

Bu seýilgähiň çäginde medeni jemgyýet bilen hiç hili baglanyşygy we gatnaşygy bolmaýan tagaeri we taromenani atly ýerli taýpalar hem ýaşaýar.Bir million gektar ýeri eýeleýän Ýasuni Milli seýilgähine 1989-njiy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Biosfera goraghanasy derejesi berlipdi. Ýurduň nebit gorunyň 20 göterimi bu seýilgähiň çäginde saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident saýlawlarynda öňde barýar
Türkiye Ekwadora Kobra II sowutly ulaglary gowşurdy
Ekwador ýurduň iň ýaş Prezidentini saýlady
Ekwadoryň Prezidentligine Daniel Noboa saýlandy
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy