Nebitmaş döwlet kärhanasynyň hünärmenleri dürli demirçilik işlerini ýerine ýetirýärler

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň hünärmenleri dürli demirçilik işlerini ýerine ýetirýärler

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän Nebitmaş döwlet kärhanasy dürli metallar we erginler bilen demirçilik işleriniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

Demri ýenjip işlemek bu metala gerek bolan şekili bermek maksady bilen, ony ýumşak we gaýtadan işlemek üçin amatly bolýança gyzdyryp, üstünde işlemekdir. Poladyň düzümindäki uglerod mukdary näçe köp bolsa, şonça-da az gyzydyrmak gerek bolýar. Ortaça, metal bilen işlemek üçin 900 1050 gradus gyzgynlyk peýdalanylýar.

Gyzdyrmak üçin ýangyçda örän az mukdarda kükürt we fosfor bolmalydyr. Ýokary temperaturada bu elementler metal bilen birleşip, onuň hilini peseldýärler.

Nebitmaş kärhanasynda deri ýenjip işlemek iki usul arkaly amala aşyrylýar ştamplamak we erkin ýenjip işlemek. Ştamplamak usulynda işlenende metal galybyň içini doldurýar, şeýlelikde hem islenýän şekil alynýar. Erkin ýenjip işlemekde ýöriteleşdirilen tekiz gurluşlaryň urgularynyň täsiri astynda metal gerek bolan şekili alýar.

Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri germek, eplemek, egmek, kesmek, deşik açmak we kebşirlemek ýaly metal bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler.

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Özbegistanda Wengriýanyň we Ýewropanyň Firmalary Üçin Ýörite Erkin Ykdysady Zolak Dörediler
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
Ikinji tapgyry geçiriler
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Gruziýanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy