Nepalda 5 rus alpinist ýogaldy

Nepalda 5 rus alpinist ýogaldy

Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde ýerleşýän Pemba Jangbu Şerpa atly ýolbelet guramasy, 8167 metr beýiklikdäki Dhaulagiri dagyna çykýan 5 rus alpinistiň 6-njy oktýabrda dereksiz ýitendiklerini habar berdi.

Pemba alpinistleri tapmak üçin başladylan gözleg we halas ediş işleriniň çäginde bir dikuçaryň belentligiň golaýynda alpinistleriň jesetlerini tapandygyny aýtdy.

Alpinistleriň ikisiniň belentlige ýetendigini, beýlekileriniň bolsa belentlige ýetmän yzlaryna gaýdandyklaryny aýdan Pemba, alpinistleriň daga çykýarkalar ýykylandyklary üçin aradan çykandyklaryny çak edýändiklerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Nepaldaky protestler türkmen ýaşlaryny syýasy çekişmelere çekýär - çeşmeler
Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy
Türkmenistan Ýerewanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalda bolan ýer titremesine gynanç bildirdi