Neýmar 13 oýunda 12 gol urdy we 10 golly pas berdi

Neýmar 13 oýunda 12 gol urdy we 10 golly pas berdi

Braziliýaly hüjümçi Neýmaryň bu möwsümde hörpi diýseň belent. Oýunçy öz çykyş edýän toparynyň we milli ýygyndysynyň düzüminde umumylykda 13 oýunda meýdança çykyp, 12 gol urdy we 10 gezek golly pas geçirdi.

Şeýle-de ol düýn agşam Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Tunise garşy geçiren ýoldaşlyk duşuşygynyň 29-njy minutynda penaltini dürs ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, Neýmaryň Braziliýanyň milli ýygyndysynyň lybasynda uran gollarynyň sany 75-e ýetdi we ol bu barada diňe Peleden (77 gol) yzda barýar.

Neýmaryň heniz 30 ýaşynsadygyny hasaba alsak, ol futbolyň şasy bolan Peleniň bu ugurdaky rekordyny uly tapawut bilen täzeläp biler.

Ýene degişli makalalar

Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder
Braziliýanyň futbol ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy
Neýmar 60 ýyllyk rekordy täzeledi
Pele hassahana ýerleşdirildi
Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy
Neýmaryň şertnamasynyň togtadylmagy mümkin