NG Kutahya dükany dürli görnüşli pol örtüklerini hödürleýär

NG Kutahya dükany dürli görnüşli pol örtüklerini hödürleýär

NG Kutahya santehnika we gurluşyk materiallarynyň dükanynda dürli önüm öndürijileriň we klasslaryň pol örtükleriniň, şol sanda laminat hem-de keramogranit plitalarynyň baý haryt görnüşleri bar.

Bu ýerde satylýan laminatyň tapawutly aýratynlygy hil ülňülerine laýykdygy we daşky gurşaw üçin zyýansyzdygydyr. Müşderi dürli bezegli harytlardan halaýan laminatyny saýlap alyp biler. Şeýle-de dükandan dürli stildäki laminatlary, şol bir wagtyň özünde birkemsiz gabat gelýän we diňe bir beton däl, eýsem durnuksyz linolýumda hem ygtybarly durýan, wagt synagyndan geçen örtükleri tapmak bolýar.

Wannalary we hajathanalary abatlamakda ulanylyp bilinjek syrçaly we ýalpyldawuk, tebigy daşlara we beýleki görnüşlere meňzeş bolan nagyşly uly göwrümli keramogranit plitalary hem alyjylaryň ünsüni çekip biler. Şeýle plitkalaryň ululyklary dürli-dürli bolup, 60x120 sm-den 160x320 sm çenli aralykdadyr. Nagyşlaryň we şekilleriň köp sanly görnüşleri islendik stilde interýeri döretmäge mümkinçilik berýär.

Dükanyň geňeşçileri size bu önümleri dogry saýlamaga ýardam ederler we hödürlenen pol örtükleriniň artykmaçlyklary barada jikme-jik maglumatlary ýetirerler. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz, ýurduň sebitlerine bolsa ylalaşylan bahadan harytlary eltip bermek hyzmaty bardyr.

Ýatlatsak, NG Kutahya dükanynda 31-nji dekabra çenli ähli harytlara 50%-e çenli arzanladyş dowam edýär.

NG Kutahya dükanynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, NG Kutahya dükany. Telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

NG Kutahya dükany wanna otagy üçin stilli we köptaraply mebelleri hödürleýär
NG Kutahya dükanyndan wannany abatlamak üçin ähli zerur zatlary satyn alyp bolýar
NG Kutahya dükanynda çyglylyga garşylygy ýokary wanna mebellerini saýlap bolýar
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň
Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär
Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi