NG Kutahya dükanyndan wannany abatlamak üçin ähli zerur zatlary satyn alyp bolýar

NG Kutahya dükanyndan wannany abatlamak üçin ähli zerur zatlary satyn alyp bolýar

Wanna otagynda abatlaýyş işlerini geçirmekde dogry santehnika enjamlaryny, pol we diwar örtüklerini hem-de mebelleri saýlamak möhümdir. Bize bolsa gerekli zatlaryň ählisini bir ýerden satyn almak oňaýly. Bu meselede Aşgabatdaky NG Kutahya dükany wannalary abatlamak üçin zerur bolan harytlaryň dürli görnüşlerini müşderilere ýetirmäge taýýardyr.

Dükanyň bu ugra degişli harytlarynyň assortimentinde dürli çyglylykly şertlerde köp ýyllap ulanmaga niýetlenen, çydamly we ekologiýa taýdan arassa pol örtüginiň dürli görnüşleri bar. Bir reňkdäki ýa-da mermerden taýýarlanan, şeýle-de saýlamak üçin köpdürli reňkli görnüşler ýetirilýär, şonuň üçin wanna otagynyň dizaýnyna doly laýyk gelýäni örtükleri saýlamak hiç hili kynçylyk döretmez.

Mundan başga-da, NG Kutahya dükanyndan wanna üçin niýetlenen ýörite mebelleri — rakowinalaryň aşagynda goýulýan tumbalary, dürli ownuk zatlar üçin şkaflary, aýnanyň aşagynda ýerleşdirilýän sandyklary saýlap alyp bilersiňiz. Ähli mebeller ýörite suw geçirmeýän gurluş bilen örtülip, onuň netijesinde bolsa bu mebelleri uzak wagtlap dowamly ulanyp bolýar, şeýle-de olar suw zerarly zaýalanmaýar.

NG Kutahya dükanynyň ýerleşýän salgysy: Ak bugdaý etraby, Senagat zolagynyň çägi, NG Kutahya binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 611 611. Şeýle-de dükanyň harytlary sosial media ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirilendir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

NG Kutahya dükany wanna otagy üçin stilli we köptaraply mebelleri hödürleýär
NG Kutahya dükany dürli görnüşli pol örtüklerini hödürleýär
NG Kutahya dükanynda çyglylyga garşylygy ýokary wanna mebellerini saýlap bolýar
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň
Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär
Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy