
Türkiýäniň Iç Anadoly sebitindäki Nigde şäheriniň Bor etrabyna degişli Obruk obasyndan adyny alyp gaýdýan, “Obruk Halysy” Türkiyäniň Halyçylyk sungatynyň möhüm nusgalarynyň birini emele getirýär.
Bor etrabynyň Söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan “Obruk Halysy” özüne mahsus nagyşlary bilen birlikde dokalanda goýunyň ýüňünden alynýan tebigy boýagly ýüplükleriň ulanylmagy bilen ünsleri özüne çekýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda öýlerde dokalan Obruk Halysynda, sebitiň Anadoly Seljukly Döwletiniň geçmişini suratlandyrýan nagyşlar bar.
Çawuşly, balykly we almaly ýaly motiwler halylaryň önümçiliginde ulanylýan iň meşhur nagyşlardyr.
Umuman alynanda halylaryň ortasy dörtburçlara ýa-da gönüburçluklara bölünip, içine esasy motiwler, galan boşluklara bolsa ýene-de geometriki motiwler yzyly-yzyna geljek şekilde ýerleşdirilýär.
Obruk Halysynyň esasy reňkleri ak, mis gyzyl, goýy gök ýa-da gök reňkde bolýar.
Halylardaky nagyşlar bereket, şowlulyk, saglyk, ölüm, günä, göz we bakylyk ýaly temalary alamatlandyrýar.