
Türkiyäniň Egeý sebitindäki iň uly şäheri Izmir şäheriniň Bergama etraby, gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan taryhy bilen tanalýar. 3 müňden gowrak ýyl bäri ençeme medeniýete ýer eýeçiligini eden Bergama etrabynda halynyň we kilimiň önümçiligi uzak ýyllardan bäri dowam edýär.
Bergama el halysy Bergama etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 1996-njy ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.
Haly sebitiň halky tarapyndan “Ystar” diýip atlandyrylýan, dokma enjamlarynda dokalýar. Halynyň önümçiliginde goýundan alynýan ýüňler, egrilip we bükülip ýüp ýagdaýyna öwrüleninedn soň, biri-birinden tapawutly ösümliklerden alynýan kök reňkler bilen boýalýar. Şolaryň saýasynda, Bergama halylary açyk reňkini saklaýar we uzak wagtlap parlak görnüşini gorap saklaýar. Halylaryň ýörite düwün tehnikasy bilen dokalmagy hem, berkligi taýdan-da tapawutly aýratynlyga eýedir.
Bergama halylary Ýagjybedir, Karadag, Kozak we Yuntdagy ýaly 4 aýry sebite bölünýär. Elde dokalýan Bergama halylary XVI asyrdan XIX asyra çenli diňe bir ýurduň çäklerinde däl, eýsem daşary ýurtlarda-da uly abraýa eýe bolupdyr. Esasan hem Ýewropada barly we gurply maşgalalar we kolleksionerler bu halylara uly gyzyklanma bildirdiler.