“Forbes”: ABŞ-nyň Prezidentligine iň baý dalaşgär

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp “Forbes” žurnalynyň iň ýokary döwlet wezipesine iň baý dalaşgärleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu ugurdaky sanaw neşiriň web sahypasynda ýerleşdirildi.

Şeýlelik bilen, 16 dalaşgäriň umumy baýlygy, takmynan, 4 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Sanawa bir milliarder girip, galanlary millionerlerden ybarat.

“Forbes” neşiri Trampyň baýlygyny 2,6 milliard dollar bilen birinji orunda, telekeçi Wiwek Ramaswamini 880 million dollar bilen ikinji orunda, Dug Bergamy 100 million dollar bilen sanawyň üçünji ornunda goýupdyr.

ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jozef Baýden 10 million dollar maliýe emlägi bilen altynjy orny eýeledi. ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Nikki Heýliniň 8 million dollar baýlygy bardygy belli boldy.

ABŞ-da Indiki Prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Forbes Afrikanyň iň baý adamlarynyň emlägini kesgitledi
Forbes žurnaly ABŞ-nyň Prezidentligine iň baý dalaşgäri agzady
Maýami şäheriniň meri Suares ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder
Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
Respublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär
Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)