Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)

Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar baradaky söhbeti dowam etdirýär.

Bu makalany okamazdan öň, ýa-da gepleşigi diňlemezden ozal, programmamyzyň geçen sanyny okamagy ýa-da diňlemegi maslahat berýäris.

Tire-taýpa kimligi öňki döwürlerde türkmenleriň arasynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Adamyň jemgyýetdäki statusyny kesgitlemekde möhüm rol oýnan bu aýratynlyk wagtyň geçmegi bilen, hususan-da, sowetler döwründe belli bir derejede aradan aýrylypdyr.

Işçiler we daýhanlar

Türkmenleriň ýaşan territoriýalarynyň Russiýa Patyşalygyna birikdirilmegi bilen, şeýle-de, munuň yz ýany 70 ýyl töweregi dowam eden sowet häkimiýeti ýyllarynda dünýewi bilim berýän orta mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň yzly-yzyna açylyp, sowatsyzlyga we yzagalaklyga’ garşy ählihalk kampaniýalarynyň yglan edilmegi bilen, irki döwürlerde işan-mollalaryň il içinde eýelän statusy wagtyň geçmegi bilen intelligensiýa wekillerine geçipdir.

Türkmen hanlary we serdarlary öz orunlaryny täze mekdeplerde ýetişen sowet dolandyryjylaryna tabşyrmaly bolupdyr.Deňligi öňe süren bolşewik häkimiýetiniň hökmürowanlygynda baýlar ýanalyp, barlykly adamlaryň jemgyýetdäki statusy emeli usulda, köplenç zorluk bilen aşak çekilipdir, galyberse-de, önüm öndürýän desgalaryň açylmagy bilen, işçi synp döräpdir, oba hojalyk önümçiliginiň ulgamlaýyn esasda guramaçylykly ýola goýlup başlanmagy bilen, daýhanlar zähmete höweslendirilipdir.

Onsuz hem türkmen döwletine sowet häkimiýetiniň agalyk eden döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisi, gazet-žurnallar, telewideniýe we radio kanallary, mekdeplerdäki okuw gollanmalary, kitaplar we beýleki maglumat serişdeleri, kinofilmler, sahna oýunlary biragyzdan “dünýäniň ähli proletarlaryny birleşmäge” çagyrýardy. Şeýlelikde, işçi synpyň statusy arşa göterilýärdi.

Täze syýasat...

Sowet Soýuzy dargap, garaşsyz Türkmenistan yglan edilenden soň, 1990-njy ýyllaryň başlarynda türkmen döwleti wagt ýitirmän däp-dessurlara esaslanýan, milli syýasaty wagyz edip başlady.Kommunist häkimiýetiniň astynda Leniniň ýerde wada beren jennetini arzuw eden türkmen jemgyýeti 30 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe ilki “on ýyl abadançylyk”, soňra “altyn asyr”, “galkynyş eýýamy”, “berkararlyk we bagtyýarlyk zamanasy” ýaly eşretli durmuşyň hyýaly illýuziýalaryna gümra boldy.

Syýasy giňişlikde gülala-güllük, eşretli durmuş syýasaty alnyp barylsa-da, türkmen jemgyýetiniň öz içinde, halk arasynda adamlaryň statusyny kesgitleýän faktorlar bilen bagly tebigy proses dowam etdi.Onsuz hem sowetler döwründe syýasatyň wagzyndan gerk-gäbe doýan, halys bolan, syýasatdan bez bolan türkmen jemgyýeti täzeden güýçlendirilen döwlet propagandasyna, megerem, biperwaý çemeleşdi. Ýöne adam her näçe syýasata goşulmazlyk, syýasata girmezlik, döwletiň alyp barýan wagzyna biperwaý galmak, onuň bilen içgin gyzyklanmazlyk ýaly ýodalary saýlap alsa-da, syýasat we syýasy giňişlige erk edýän häkimiýet her bir raýatyň durmuşyna aralaşmakdan, oňa berk gözegçilik etmekden el çekmedi.

Garaşsyz Türkmenistanda daýhanyň döwletiň öňündäki borçnamasy edil sowet ýyllaryndaky ýaly dowam etdirildi.Sowet ýyllarynda kemala gelen intelligent gatlak, intelligensiýa wekilleri häkimiýetler tarapyndan derbi-dagyn edildi.Medeni giňişlik, sungat we döredijilik häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirildi.

Syýasy häkimiýet ýurduň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejileri halka deň paýlamakda üstünlik gazanyp bilmedi.Syýasy, söwda, medeni, durmuş, ykdysady, önümçilik, oba hojalygy, umuman aýdylanda, ähli ugurlarda korrupsiýa pajarlap ösdi.

Garyp has-da garyplaşdy, häkimiýetleriň saýlan, ol ýa-da beýleki görnüşde goltgy beren baýlary bolsa, özlerine çyzylan çäkli giňişlikde baýamaga çalyşdy. Ýöne energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda 30 ýylyň içinde gözüňi dokundyrýan, ýa-da “gözügidijilik bilen serederlik” baýlar döremedi. Şu wagta çenli “Forbes” neşiriniň “baýlar sanawyna” giren ýekeje-de türkmen ýok.

Döwrüň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda “türkmen halkynyň arasynda ýerli baýlary” döretmegi arzuw edýärdi.Ilkinji prezident ilkibaşda 200 töweregi baý hojalyk döredip, hamala, halkyň içinde nusgalyk asylzada gatlagy kemala getirmegi arzuw edýärdi.

Megerem, 200 adam wagtyň geçmegi bilen köpelip, örňemelidi, önümçilik desgalaryny açyp, öz ildeşleri üçin täze-täze iş orunlaryny döretmelidi. Şeýdip, tutuş halk wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan maddy taýdan gurplanyp başlamalydy.

Nyýazow türkmen maşgalalaryna açarlar wada berýärdi, öýüň açaryny, hususy awtomobil ulagynyň açaryny wada berýärdi. Ýurduň baý tebigy serişdelerinden çen tutulsa, bu başarmazça däldi, bu “mümkin däl” hem däldi.

Ýöne ynha 30 ýyllyk garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýeti garyplyk derdinden halas bolup bilmedi. Ykdysady kynçylyklaryň arasynda gurply hojalyklar bilen eli ýuka maşgalalaryň arasy açylyp başlady.

"Baýyň saçagy we garybyň saçagy"

“Toý-märekelerde baý gatlagyň saçagy aýratyn bolýar. Olar garyplar bilen bir saçagyň başynda oturmaýarlar. Hatda olar garybyň toýuna-da, ýasyna-da gatnaşmaýarlar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Garyp halk daşarda, ýörite palatalarda oturýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmen jemgyýetiniň içinden çykyp, jemgyýeti okamaga, jemgyýetdäki adam gatnaşyklaryny seljermäge synanyşmak üçin, alym bolmak gerek däl. Türkmen jemgyýetindäki adam gatnaşyklary daşardan-da, içerden-de mese-mälim görünýär.

Türkmende toý-märeke adamlaryň arasynda, dogan-garyndaşlaryň, tanyş-bilişleriň we işdeşleriň arasynda “abraý” gazanmak üçin belli bir derejede “gural” bolup hyzmat edýär. Käbir hojalyklar köp halatda karz-kowal edip, ýüzlerçe müň manatlyk harajat çykaryp, toý-märeke guramalaşdyrýar. Çäre birnäçe gün dowam edýär. Myhmanlara olaryň statusyna laýyklykda hyzmat edilýär. Baýlar öz aralarynda ýaryşýar, eli ýuka hojalyklar baýlardan galyşmajak bolýar.

Ýerli synçylaryň seljermelerine görä, geçen gepleşigimizde hem belläp geçişimiz ýaly, türkmen jemgyýetinde, elita gatlak ýokary döwlet wezipesini eýeleýän adamlar, ministrler we beýlekiler; baý gatlak iri telekeçiler, tüçjar baýlar; orta gatlak lukmanlar, mugallymlar, orta we kiçi telekeçiler, orta derejeli resmiler, häkimlik işgärleri, sport, medeniýet pudagynyň işgärleri we şulara meňzeşler; hem-de pes gatlak daýhanlar we işsizler bar.

Türkmenistanda işsizligiň derejesini açyp görkezýän sanlar ýok. Ýöne soňky ençeme ýyl ýäri eklenç gözleginde daşary ýurtlara gaçýan adamlaryň sanlaryndan hem-de ýurtda kärendeçiler üçin bölünip berilýän ýüzlerçe müň gektarlyk ekerançylyk meýdanlaryndan çen tutulsa jemgyýetiň esasy gatlagyny daýhanlar we işsizler emele getirýär.

Işsizlik, eklenç aladalary öz-özünden adamy tebigy taýdan deňligi gözlemäge itermeli. Ýöne Türkmenistanda syýasat we adam durmuşynyň guramaçylygynda deňlik, deňhukuklylyk, deň mümkinçiliklere eýe bolmak, adyl şertlerde bäsleşmek ýaly möhüm faktorlar gözden salynýar. Şeýlelikde, mal-mülk diňe belli-belli adamlaryň elinde üýşmäge başlaýar.

Islendik ýurduň amatly durmuş şertleri we durmuş derejesi köplenç halatda orta gatlak bilen kesgitlenýär. Orta gatlak näçe köp bolsa, şol ýurtda alnyp barylýan durmuş syýasatyna oňyn baha berilýär.

Ozalam aýdyşymyz ýaly, Türkmenistanda sosial synplaryň emele gelmegi bilen bagly geçirilen sosial derňewler, sosiologik barlaglar ýok.

Ýöne dünýäniň köp ýerinde bolşy ýaly, türkmen jemgyýetinde hem maddy baýlyk adamyň jemgyýetdäki statusyny kesgitleýär.

"Baý gatlak"

Gymmat telefon götermek, gymmat bahaly şaý-sepleri dakynmak, iň soňky model awtomobil ulagyny dolandyrmak, iň amatly şertler bilen üpjün edilen, iň akylly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny edinmek, iň abraýly ýokary okuw jaýlarynda okamak, baý we asylly maşgalalar bilen gudaçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, kaşaň-kaşaň myhmanhanalarda ýa-da dynç alyş merkezlerinde dynç almak, ýokary wezipelerde ýakyn tanşyň bolmagy ýaly aýratynlyklar türkmen jemgyýetinde baý durmuşyň alamaty bolup durýar.

Ýöne baýlyga barýan ýoluň içgin syrlary, korrupsiýadan habarly bolmak, para-peşgeşiň ugruny bilmek, ýokardaky tanşyň göwnini awlamagy başarmak ýaly tilsimler jemgyýetde adalata bolan ynamy sarsdyrýar.

Görnüşinden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we döredijilik işgärleri esasan elita gatlaga hyzmat etmek bilen borçlandyrylýar.

Orta gatlak

Türkmenistanda orta gatlagyň wekilleri çärelerden çärelere çekilýär.Mugallymlar, lukmanlar, medeniýet işgärleri, umuman ähli býujet işgärleri tas “otur” diýlende oturyp, “tur” diýlende turup, “pagta git” diýilse, pagta gidip, “pagta gitme” diýilse, pagta gitmän, “pul çykar” diýilse, pul çykaryp, “tigir sür” diýilse, tigir sürüp, “dynç al” diýilse, dynç alyp, “dynç alma” diýilse, dynç alman, diňe häkimiýetleriň gözegçiliginde orta gatlagyň durmuşyny ýaşaýar.

Aýdyldymy hökman edilmeli, garşy çykyp bolmaýar.Sebäbi, “hökümet sagat ýaly işlemeli”.Garşy çyksaň, işsiz galmak gorkusy adamyň aman galmak mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Ideal jemgyýetde, göräýmäge, işçiler, şol sanda önümçilik desgalarynyň işçileri, gurluşykçylar daýhanlar bilen bileleşip, işçi synpy emele getiräýjek ýaly. Ýöne ýerli synçylaryň sözlerinden çen tutulsa, mümkin işçileriň we daýhanlaryň girdejileriniň ujypsyz bolmagy sebäpli, olar işsizleriň hatarynda hasaplanýar.

Baý gatlak baý galýar, orta gatlak orta galýar, garyp gatlak garyp galýar. Sebäbi, synçylardan çen tutulsa, raýatlara deň mümkinçilikleriň hödürlenilmezligi, deň mümkinçiliklere elýeterliligiň berk çäklendirilmegi gatlaklaryň arasyndaky geçişlere päsgel berýär.

Işsiziň derdi

Işsiziň derdi has-da agyr.Meselem, paýtagt Aşgabadyň milliardlarça dollar döwlet serişdeleri sarp edilip, bina edilen beýik-beýik binalarynyň arasynda, üst-başyndan utanyp, ýarym aç, ýarym dok iş gözleýän işsiz adam wagtal-wagtal polisiýanyň ýolda saklap, soraga çekmeginden, ýa-da öz ýaşaýan welaýatyna zor bilen ugradylmakdan howatyr etmeli. Üstüňe abanýan ak mermerli binalaryň arasynda iş gözläp, çagalarynyň eklenjini alada etmeli.

Iň soňunda-da, iş tapman, ýurda sygman, eklenç gözleginde daşary ýurt döwletine çykmagy arzuw etmeli. Ýöne bu hem aňsat däl.Sebäbi, raýatyň hereket azatlygy kanun taýdan kepillendirilip, iş ýüzünde berk çäklendirilýän ýurtda, seniň daşary ýurt döwletine gazanç etmäge goýberiljegiň gümana.

Ozalam belleýşimiz ýaly, görnüşinden, Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy häkimiýetler diňe elita gatlagyň bähbitlerine hyzmat etmegi saýlap alýarlar.

Baýlyk we adamkärçilik

“Meniň pikirimçe pul adamyň statusyny kesgitlemeli däl. Adamyň adamkärçilik duýgulary, özüni alyp barşy, dünýä garaýşy, hüý-häsiýeti adamyň abraýyny kesgitlemeli. Ýöne şu günki gün jemgyýetde adamlaryň statusy diňe pul bilen kesgitlenýär” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Soňky ýyllarda adamyň diňe üst-başyna seredip baha berýän adamlar köpeldi. Sada geýnip, dükanlara aýlansaň, satyjylar hem saňa göwniýetmezçilik bilen seredýärler. Gymmat bahaly egin-eşik geýýän bolsaň, seni başgaça kabul edýärler” diýip, synçy aýtdy.

Satyja müşderi gerek. Müşderiniň hem pullusy gerek.

Türkmen jemgyýetinde irki döwürlerden bäri, ýaşulular instituty, ýaşulylyk kulty öňden bäri möhüm rol oýnaýardy. Ýerli synçylar häzirki döwürde ýaşulylyk statusynyň abraýynyň hem belli bir derejede egsilýändigini, ýaşulylaryň il arasyndaky ornuny hem barlykly adamlaryň gapyp başlandygyny aýdýarlar.

“Üýşmeleňlerde baý adamyň agzyna garalýar. Uly ýaşly adamyň agzyna garalmaýar” diýip, synçy aýtdy.

Häzirki türkmen jemgyýetinde sosial synplar bilen bagly meseleler, şol sanda sosial deňsizlik adamyň durmuşynda heniz çagalar bagynda ýüze çykyp başlaýar.

“Çagalar baglarynda, mekdeplerde mugallymlar baý aganyň çagalaryna mähirli çemeleşýärler, garybyň çagasynyň ýüzüni alyp goýberýärler.Okuwçylar öz aralarynda esasan baý adamlaryň çagalary bilen dost bolmaga çalyşýarlar.Orta gatlagyň wekilleri baýlara meňzejek bolup, bir topar bergä batyp, gymmat-gymmat geýim-gejimleri satyn alýarlar, bir topar çykdajy bilen öýlerini remont etdirýärler, baý gatlagyň hataryna goşulmak üçin, bir topar çykdajy edýärler, soňam bergä batyp, başagaý bolýarlar” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Ol ilat arasynda duş gelinýän dilegçileri ýa-da öýsüz adamlary belli bir gatlaga sygdyryp bilmeýändigini aýdýar.

Wezipe we pul

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir synçy häzirki türkmen jemgyýetinde adamyň statusynyň kesgitlenilmeginde “wezipäniň we puluň” örän möhümdigini aýdýar.

“Ýokary wezipelerde işleýän adamlara we pully adamlara hormat goýýarlar. Puluň ýa tanşyň bolsa, hemmeler sylaýar. Olar islendik döwlet edarasyna baryp, islendik problemany çözüp bilýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýdýar.

Täsirli adamlar ýokary wezipelerdäki tanyşlarynyň howandarlygynda döwlet edaralaryndaky dokument işlerini hem aňsat çözýärler, ähli hyzmatlar olara sähel salymda elýeterli bolýar.

“Meselem, täsirli adam özüniň hususy dükanyna üç sagadyň içinde täze transformator goýdurýar. Oba ýerlerindäki köne transformatorlar 40 ýyl bäri çalşyrylmaýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

“Işsiz gezip ýörseň, ýolda-yzda salam hem bermeýärler... Puluň köpelse, dostuň hem köpelýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan üç intelligensiýa wekiliniň üçüsi hem bir meselede çürt-kesik ylalaşýar: täze türkmen jemgyýetinde adamyň abraýyny, onuň il içindäki statusyny diňe pul we häkimiýet kesgitleýär.

Täze taýpalar - baýlar we garyplar

“Öňler türkmenlerde tire-taýpalar bardy, indi diňe baýlar we garyplar’ atly iki taýpa döredi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan üçünji synçy aýdýar.

Ol gatlaklaryň hem öz aralarynda gatlaklara bölünýändigini aýdýar.

Ýerli synçy Türkmenistanda prokuratura, polisiýa, kazyýet we howpsuzlyk işini para alyp bolýan, iň girdejili hünärleriň hatarynda agzaýar.

“Etraplarda ýokary gatlagyň wekilleri, etrap häkimleri, etrabyň ymamy, MHM, kazyýet we prokuratura edaralarynyň ýerli başlyklary, gurply baýlar törde oturýarlar. Olar märeke berseler ýönekeý adamlary çagyrmaýarlar. Hatda bile önüp-ösen, bile ulalan obadaşlaryny hem öz toý-märekelerine çagyrmaýarlar” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Netije

Azatlyk Radiosynyň bir çeşmesi mundan 3-4 ýyl ozal bir öňki wise-premýer tanşynyň öz märekesine obadaşlaryny çagyryp, puşman bolşuny gürrüň berýär:

“Ol Aşgabatdaky oglunyň gelin toýuna öz dogduk obasynyň adamlaryny, goňşularyny çagyryp puşman bolandygyny aýtdy. Garyp adamlary toýuma çagyrmasam boljak ekeni, bir topar garyp adamlar meni masgara etdiler” diýip, Azatlygyň çeşmesi öňki wise-premýer tanşynyň sözlerini sitirledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda dollar ýene gymmatlady, harytlaryň nyrhy 20% ýokarlandy
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy
BMG: dünýä baýlygynyň az adamlaryň elinde jemlenmegi görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi
The Guardian: garyp ýurtlar saglygy goraýşa 4 esse az pul sarp edýärler