Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady çökgünligi, ählumumy ýangyç-energetika bazarynda durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe ugry barada hem düýpli pikir etmegi zerur hasaplaýarys. Bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi, olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sammitde eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler
Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär
TN: Türkmen firmalarynyň rus zawodyna ýarym million dollar bergisi bar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy