Türkmenistanyň Prezidenti bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi teklip etdi.

Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama gol çekildi, soňra ol kabul edilen GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, biz Hazar-Gara deňiz we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistiki mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris.

Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady çökgünligi, ählumumy ýangyç-energetika bazarynda durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe ugry barada hem düýpli pikir etmegi zerur hasaplaýarys. Bergiler babatdaky borçnamalar we özara hasaplaşyklar meselelerine üns bermegi, olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow bergiler babatdaky borçnamalar meselelerine üns bermegi teklip etdi
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler
Eýran Türkmenistanyň islendik pudakdaky taslamalaryny doly maliýeleşdirmegi teklip edýär
TN: Türkmen firmalarynyň rus zawodyna ýarym million dollar bergisi bar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy