Nigeriýada buthana guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy

Nigeriýada buthana guralan hüjümde köp sanda adam ýogaldy

Lukmanlaryň biri metbugata beren beýanatynda, ýurduň Ondo welaýatynyň Owo diýilýän ýerindäki buthanada guralan ýaragly hüjümde azyndan 50 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Lukman hüjümde şeýle hem köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Nigeriýanyň Döwlet baştutany Muhammed Buhari hüjümi ýazgaryp: "Näme bolsa bolsun bu ýurt erbetlere we dönüklere boýun egmez we garaňky asla ýagtylykdan üstün çykmaz" diýip belledi.

Ondo ştatynyň gubernatory Rotimi Akeredolu wakany bigünä adamlara garşy guralan elhenç we melgun bir hüjüm hökmünde häsýetlendirdi.

Akeredolu wakanyň bolan ýerine Howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini belläp, hüjüm bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi.

Milli metbugatda berilen habarlara görä, şahsyýetleri anyklanmaga synanyşylýan ýaragly adamlar Ondo welaýatynyň Owo sebitindäki Katoliki buthanada ybadat amala aşyrylýan mahaly hüjüm gurady.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
Nigeriýada medresede ýangyn boldy
Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy
Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi
Nigeriýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Nigeriýada Sil Sebäpli 28 Adam Ýogaldy