Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 66 Adama Ýetdi

Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 66 Adama Ýetdi

Nigeriýanyň Niger sebitinde guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 66 adama ýetdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň şaýatlara esaslanýan habarynda, 21-nji martda Nigeriýanyň Madaka etrapçasynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümden soň başlan çaknyşyklaryň dowam edýändigi nygtaldy.

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 66 adama ýetendigi, onlarça adamyň bolsa ýitendigi bellenildi.

Hüjümden soň sebite goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň ornaşdyrlandygy we waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Hüjümde azyndan 50 öýüň oda berlendigi, sebitiň ýaşaýjylarynyň azyk önümleriniň talanandygy habar berildi.

Nigeriýa, terror guramalary Boko Haramyň, DEAŞ-yň we ISWAP-yň hüjümlerine garşy göreşýär.

Ýurtda ýaragly adamlar ýygy-ýygynda ýurduň demirgazygyndaky obalary, mekdepleri we ýolagçylary nyşana alyp paç talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy
Nigeriýada ýaragly hüjüm guraldy
Nigeriýa, Türkiýeden Satan Alan Dik Uçaryny Ulanmaga Başlaýar
Nigeriýada guralan hüjümde 20 adam ýogaldy
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi