“Nippon” gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar “Nippon” gaznasynyň JACAFA, “NipCA”, “Read Japan” we ş.m. taslamalarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.

Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Nippon gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory kabul edildi
Türkmen talyplary Tokio şäherinde geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdylar
Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy
Ýaponiýada ömrüň ortaça dowamlylygy ýokarlanýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Happy Childhood