Nobel baýraklary gowşuryldy

Şwesiýanyň Koroly Karl XVI Gustaw lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we ykdysadyýet ugurlary boýunça baýraklary gowşurdy. 14 adam diplomlara we altyn medallara eýe boldy.

Nobeliň lukmançylyk boýunça baýragy, amerikan alymy Wilýam Kelin, britan alymy Piter Retkliff we amerikan alymy Gregg Semenza gowşuryldy.

Nobeliň fizika boýunça baýragy, amerikan alymy Jim Piblse, şweýsariýaly Didýe Kelo we Mişel Maýora gowşuryldy.

Nobeliň himiýa boýunça baýragy, amerikan fizigi Jon Gudenafa, britan himigi Stenli Wittingema hem-de ýaponiýaly himik Akira Ýosino berildi.

Nobeliň edebiýat boýunça baýragy, polşaly ýazyjy zenan Olga Tokarçuka hem-de awstriýaly Peter Handkä berildi. Şu ýyl edebiýat boýunça birbada iki baýrak 2018 we 2019-njy ýylyň baýraklary gowşuryldy.

Şwesiýanyň döwlet bankynyň Alfred Nobeliň hormatyna döreden ykdysadyýet boýunça baýragy hindi-amerikan ykdysadyýetçisi Abhijit Banerjä hem-de fransuz ykdysadyýetçisi Ester Dýuflo we amerikan ykdysadyýetçisi Maýkl Kremere gowşuryldy.

Parahatçylyk baýragy bolsa, Norwegiýanyň paýtagty Osloda gowşuryldy. Nobeliň 2019-njy ýylda parahatçylyk boýunça baýragyna Efiopiýanyň häzirki Premýer-ministri, syýasatçy Abiý Ahmed Ali mynasyp boldy.

Baýrak 1901-nji ýyldan bäri berlip, jemgyýetçilik-syýasy, ynsanperwer ugurlarda iň abraýly halkara baýraklaryň biri bolup durýar. Baýragyň möçberi 9 million şwed kronyna (850 müň ýewro) barabardyr.

10-njy dekabrda Stokgolm filarmoniýasynda Nobel baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Däp bolup gelýän bu dabara baýragy esaslandyryjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Osloda 2023-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Nobel wesýetnama gol çekýär
Ilkinji tranzistor öndürildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Nobel baýraklary pandemiýadan soňra ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gowşuryldy