Nol uglerodly ilkinji ýük ulagy

Dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýük gämisi öndürildi.Uzynlygy 62 metre barabar bolan Asahi atly gämi aprel aýynyň ahyrynda Tokio aýlagyndan suwa goýberiler. Ýapon inženerleriniň işläp taýýarlan gämisini dolandyrmak üçin özi bilen deňeçer gämidäkiden az ekipaž gerek.

Gäminiň batareýasynyň güýji 100 sany elektroulagyňka barabar bolup, beýleki suw ulaglaryna ýangyç daşamak maksady bilen peýdalanylar.Taslamany durmuşa geçiren e5 Lab konsorsiumy geljekde elektrik energiýasy bilen işleýän gaýyklary we wodorod bilen işleýän suw ulaglaryny öndürmegi meýilleşdirýär.

Suwhannazar GOŞAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Energetikada 2030-njy ýyl maksatnamalary kesgitlendi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Şahruh Han kino dolanýar
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar
Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady