Nongfu Spring agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Hytaýda iň baý adam boldy

Nongfu Spring agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Hytaýda iň baý adam boldy

Nongfu Spring diýen at bilen agyz suw satýan kompaniýanyň eýesi Çžun Şanşan Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdäki orny eýeledi. Bu barada Hurun Research Institute barlag merkeziniň nutugynda aýdylýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Surat: spot.uz

Habara görä, 68 ýaşly Çžun Şanşan ikinji ýyldyr, iň baý hytaýlylaryň sanawynda başdaky orny eýeläp gelýär. Bir ýylyň dowamynda telekeçiniň emlägi 17 göterim artyp, 65 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.

Ikinji orunda TikTok atly meşhur goşmaçanyň eýesi bolan ByteDance guramasyny esaslandyryjy — 39 ýaşly Çžan Imin durýar, onuň baýlygy bir ýylda 28 göterim azaldy.

Sanawdaky üçünji orun ýangyç elementlerini hem-de CATL litiý-ion akkumulýatorlaryny öndüiriji kompaniýanyň eýesi, 54 ýaşly Szen Ýuýsýunýa eýeleýär. Ol hem Imin ýaly, bir ýylda maliýesiniň 28 göterime golaýyny ýitiripdir.

2020-nji ýylda Hytaýyň iň baý adamy diýlip yglan edilen Alibaba Group kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Ma bu ýylky sanawda dokuzynjy orunda ýerleşipdir.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy barada türkmen-hytaý resmileri gürrüň etdiler
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Türkmen Hytaý gatnaşyklary ösdürilýär
Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Mongoliýa Ýaponiýa: 0-14