Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

9-njy maýda COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň Sinovac kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi.

Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Bu möhüm ugurda iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak şol gün DIM-de Aşgabada iş sapary bilen gelen HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde garaldy.

Taraplar pandemiýa garşy durmakda özara meýillerini hem-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi, we toplanan tejribäni alyşmagy maksat edinýändiklerini tassyklap, diňe bilelikdäki tagallalar, utgaşykly hereketler netijesinde, bu ählumumy howpa garşy oňyn netijeleri gazanmagyň mümkin boljakdygyny bellediler.

Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklylaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň Sputnik V we EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

Ýurdumyza getirilýän waksinalaryň hemmesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we ÝUNISEF-niň tekliplerine pugta laýyklykda, sowuklyk zynjyrynyň talaplary berjaý edilmek bilen, ammarlarda saklanylýar.

COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy barada türkmen-hytaý resmileri gürrüň etdiler
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Türkmen Hytaý gatnaşyklary ösdürilýär
Mongoliýa Ýaponiýa: 0-14
Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary söwda edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar