Mongoliýa Ýaponiýa: 0-14

Futbol boýunça Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Aziýa zolagynda “F” toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy Mongoliýanyň ýygyndysyny 14-0 hasabynda ýeňdi.Aslynda Mongoliýada geçirilmeli oýun Ýaponiýanyň Çiba şäherinde oýnaldy.

Duşuşykda Minamino (13), Ýuýo Osaka (23, 55, 90+2), Kamada (26), Morita (33), Tuýa (39, ö.d.), Inagaki (68, 90+3), Ito (73, 79), Furuhaşi (78, 87) hem-de Asano (90+1) geçirdi. 5 oýunda gol geçirtmedik Ýaponiýanyň ýygyndysy 27 pökgini garşydaşlarynyň derwezesinden girizdi. Ýaponlar şol 27 goluň 20-sini mongollaryň derwezesinden geçirdi. Ýaponiýanyň ýygyndysy birinji oýunda Mongoliýany 6-0 hasabynda ýeňipdi.

The post Mongoliýa Ýaponiýa: 0-14 appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy barada türkmen-hytaý resmileri gürrüň etdiler
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Türkmen Hytaý gatnaşyklary ösdürilýär
Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi