NOWRUZ PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Nowruz parahatçylygyň we dostlugyň baýramy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gözel görkli gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýändigini, özgerýändigini, ata Watanymyzda pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanyp, Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, ynsan kalbyny iň gowy duýgulara besleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly, milli tagamlary taýýarlanylyp, esasy tagamlaryň biri semeni bolsa bu baýramçylygyň naýbaşy tagamlarynyň biri bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY M.MIŞUSTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI S.BERDIMUHAMEDOWYŇ ADYNA ORAZA BAÝRAMY WE NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI ÝOLLAN GUTLAG HATY
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISLERINE GATNAŞDY
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Aşgabat parahatçylygyň şäheri
Aşgabatda biotehnologiýa ösüşiniň ykdysady ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy