Noýabr aýynda Türkmenistan halkara medeni çäreleriň ikisini geçirer

Noýabr aýynda Türkmenistan halkara medeni çäreleriň ikisini geçirer

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli noýabr aýynda türki dilli döwletleriň kompozitorlarynyň hem-de sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredijilik duşuşygyny, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen “Küştdepdi” türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş çäresini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bular barada wise-premýer M.Mämmedowa 23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ählisine döredijilik taýdan baha bermegiň, Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerinde Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary saklamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigini, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň ähmiýetini nygtap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Medeni gatnaşyklaryň aýdyň beýany
Astrahanda Türkmenistanyň konsullygynyň gatnaşmagynda Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi
Astrahandaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly edebi agşam geçirildi
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Baş sekretar Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Aşgabatda Türkmen-türk doganlygy sergisi geçirildi