Noýabrda Germaniýada german-türkmen ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

Noýabrda Germaniýada german-türkmen ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

2022-nji ýylda Türkmenistan we Germaniýa diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny bellediler.Bu döwürde iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň ösmeginde uly ösüşler gazanyldy.Aýratyn hem, saglygy goraýyş, maliýe, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr diýip, Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff 2-nji oktýabrda Germaniýanyň Agzybirlik güni mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

Bellenişi ýaly, türkmen-german ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy depginli ösdürilýär. Şeýle hem ilçi Türkmenistan bilen Germaniýada ýokary derejeli hünärmenleri, işgärleri taýýarlamak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, senagat önümçilik tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmek we türkmen ýaşlaryna nemes dilini öwretmek boýunça teklipleri öňe sürmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde üstünlikli işleýändigini aýtdy.

Mundan başga-da diplomat noýabr aýynda Germaniýada nemes-türkmen ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleriniň hem alnyp barylýandygyny, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berline amala aşyran iş saparynyň ýokary ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ÝHHG-niň DIM-niň Geňeşiniň Maltada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory kabul edildi
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollary maslahatlaşyldy
FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary