Noýabryň soňky hepdesi: TDHÇMB-de 18 geleşik hasaba alyndy

Noýabryň soňky hepdesi: TDHÇMB-de 18 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) jemi 18 geleşik hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Serbiýadan gelen işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen nebit koksuny, polipropileni, nebit bitumyny hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilen birinji hilli bugdaý ununy jemi 209 million 90 müň manat möçberinde satyn aldylar. Mundan başga-da, ýerli telekeçiler ýerli kärhanalarda öndürilen matalary satyn alyp, geleşikleriň jemi bahasy 432 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

1994-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurduň eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy gurama bolup çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

Penşenbe güni TDHÇMB-niň söwdalarynda dokma önümlerine uly isleg bildirildi
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
ABŞ Ýene-de 26 Hytaý Firmasynyň Harytlarynyň Ýurda Getirilmegini Gadagan Etdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Gazna we maliýe ministri Belgiýa gitdi
Owganystanly işewür $10,9 millionlyk mazut satyn aldy